Usulyýet sapaklary

23 Oktýabr 2024
337

TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda bilim alýan harby talyplar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda iň häzirki zaman ýaraglaryny we söweş tehnikalaryny öwrenmek bilen bir hatarda, harby taýýarlyk derslerinden okatmak boýunça usulyýet taýýarlygyny hem kämilleşdirýärler. Durmuş tejribesiniň görkezişi ýaly, amalsyz bilim ýok, hut şonuň üçin hem harby talyplar nazaryýetde alan bilimlerini amaly sapaklarda berkidýärler. Muňa mysal edip, ýakynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde 5-nji ýyl harby talyplaryň söweşjeň taýýarlygyň dersleri boýunça usulyýet taýýarlygyndan geçiren okuw sapaklaryny bellemek bolar. Usulyýet sapaklarynda harby talyplar okatmagyň häzirki zaman serişdelerini başarnykly we täsirli peýdalanyp, harby okuwçylar bilen geçiren sapaklaryny ýokary derejede guramagy başardylar.

Bäşim ARTYKOW,
maýor.

Döwran BAÝDAKOW,
podpolkownik.