Watan goragy dowamat-dowamdyr

23 Oktýabr 2024
277

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Watan goragçylary, ildeşlerimiz üçin watançylygyň, jogapkärçiligiň, ak ýürekliligiň we borja wepalylygyň nusgasy bolmalydyr» diýip, buýsançly belleýän bolsa, hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Bu Watan mertleriň Watanydyr! Siz bolsa şu topragyň gerçek ogullarysyňyz» diýip, Watan goragçylaryna çäksiz uly ynam bildirýär.

Hakykatdan-da, bu günki gün mähriban Watanymyz Garaşsyzlygyna eýe bolup, onuň milli goşuny döredileni bäri, Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş kuwwaty berkäp, harby gullukçylarymyz ýurt goragyny berjaý etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe olar aň hem-de beden taýdan taplanyp, dünýägaraýyşlaryny giňeldýärler, dürli hünärleri ele alýarlar.

Maksatmyrat ATABALOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, maýor.