Oglanjyk agşamaralar eşegini dikgirdedip, obanyň bir çetinden girdi. Gaňňasynyň üstünde ot, onuň üstünde bolsa oglanjyk aýagyny sallabyrak ertirki boljak bäsleşik hakynda pikir ýüwürdýärdi. Eşegiň bolsa piňine-de däl. Aslynda-da, jandarlaryň içinde iň äwmezegi hut şu eşek bolsa gerek. Reňki-de gara bolansoň, eşeginiň diňe gözleri ýyldyraýar diýäýmeseň gije-de saýgarjak gümanyň ýok ony. Sygyrlaryny bakyp gelensoň, ýene-de ot ýygmaga gidýän oglanjygyň özi. Çepiksizje gollary bilen ýygan otlaryny eşegiň üstüne ataram welin, hälki gara eşegiň garaňkyda diňe gözi bilen çybyndan goranýan guýrugy görner. Didäňe iläýjek başga zada gözüň düşäýmez. Birem üstündäki oglanjygyň käte bir labyzly goşgy okaýmasy bar. Gök gözlüje, dogabitdi aýagyny agsaklabrak alýan oglanjygyň çagalygy şeýde-şeýde geçip dur.
Bu günem ol hemişeki endigine görä, agaçdan ýasalan paýapylyň üstünden geçip barýardy. Bol suwly ene ýap akyp ýatyr. Gara eşek jikgerip, serede-serede geçdi kiçiräk köprüden. Ýaňy birki ädim ädenem şoldy welin, balyklaryň biri suw ýüzüne çykagetdin ýene yzyna çümdi. Onuň sesine gara eşek ürkdi-de, guýrugynam ýygnagetdin berdi ýazzyny öýe bakan. Ýadawlykdan irkiljiräp gelýän oglanjyk äm-sämlenip, nämäň nämedigine düşünip ýetişmänkä, arkanlygyna sypyryldy. Üstesine-de gaňňanyň üzeňňisine aýagy çolaşan oglanjygy, gara eşek on-on iki ädim dagy süýredi. Şeýdibem, eýesini taşlady ötägitdi. Oglanjyk gözlerini asmana dikip bir pursat hyklap ýatdy. Başy aýlandy, gözüniň öňi ümezlendi, ýüregi bulandy. Işdäsi biraz suw küýsedi. Agzynda üýgeşik tagam duýdy. Elini ýetirip, seretse, süýem barmagynyň gapdalyna gyzyl degipdir. Diýmek, bir ýerine şikes ýetendir. Ol hiç-le, baryndan beteri, ertir etrap merkezindäki bir mekdepde bäsleşik bar. Ol bäsleşik goşgyny labyzly okamak boýunça guralýardy. A birdenkä, bäsleşikde ýeňiş gazanyp bilmese?! Welaýat tapgyryna çykjakdygyna söz beripdi ahyry atasyna! Daş edewersin, adam pahyryň kellesine şam alagaraňkyda her hili pikirler geler oguşýa.