«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň tabynlygyndaky podpolkownik Hemra Baýramowyň serkerdelik edýän harby bölüminde şahsy düzüm bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzgünnamalarynyň talaplaryny ýerine ýetirmek, olarda watançylyk terbiýesini has-da ösdürmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda harby kasama wepaly bolup, Watanyň duzuny haklap, ony gözüň göreji deýin goramak barada täsirli gürrüňler edildi. Geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy we onda görkezilen wideoýazgylar harby gullukçylarda uly täsir galdyrdy.
Nury ATAGELDIÝEW,
maýor.