Watan bize Hakyň peşgeşi, ata-babalarymyzyň miras goýan mukaddes topragy. Şonuň üçin Watan bahasyna ýetip bolmaýan baýlykdyr. Watan ynsanyň ýüreginden başlanýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda aýdylyşy ýaly: «Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar».
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri aý-ýyllara özboluşly öwüşgin berip, taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýar. Bu ösüş-özgerişler ähli ulgamlar, ugurlar bilen bir hatarda milli Ýaragly Güýçlerimiziň hem kämil binýadyny kemala getirýär. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasy esasynda ata Watanymyzyň goranmak kuwwaty barha pugtalandyrylýar.