Ýolumyza şamçyrag

16 Oktýabr 2024
331

Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan, geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz mirasdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän ajaýyp eserleri gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar, bu ajaýyp eserleriň her gatynda biziň geçmişimiz, şu günümiz, aýdyň geljegimiz barada gymmatly maglumatlar ýerleşdirilendir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda güneşli Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygynyň toýlanýan günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň üsti bilen Garaşsyzlygymyzyň waspyny harby gullukçylarymyzyň, esasan, ýaş esgerlerimiziň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary müdirliginiň tabynlygyndaky podpolkownik Yhlasmyrat Annaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň birinji derejeli kitaphanaçylary Kiçikgül Goşaýewa, Dürnabat Baýlakowa, etrapdaky 33-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Batyr Mämmetmyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bölüm müdiri Ogultäç Gurtgeldiýewa hem-de TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Amangül Atabaýewa dagynyň gatnaşmaklarynda, şeýle hem kapitan Serdar Annamyradowyň serkerdelik edýän ýaş esgerlerinden düzülen çeper höwesjeňleriň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary — ýolumyza şamçyrag» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Täsirli geçen wagyz-nesihat duşuşygynda, esasan, Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp eserinde beýan edilýän garaýyşlar okyjyny döwletli döwranymyz, şöhratly geçmişimiz, medeniýetimiz hakyndaky çuňňur oýlaryň dünýäsine atarýandygy, şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünliklerimiz, taryhy wakalar barada giňişleýin gürrüň berildi.

Berdi GURBANMUHAMMEDOW,
maýor.