Bilimli ýaşlar — ýurduň kuwwaty

9 Fewral 2024
568

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň berk binýatly bolmagyny şertlendirýän ylym-bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegine, bu ugurda häzirki döwrüň netijeli ýörelgelerinden ugur alynmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilýän köpugurly wezipeleriň hatarynda bu ulgamy ösdürmek bilen bagly öňde goýlan maksatlar halkymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň aýdyň geljegini nazarlaýar.

Ministrler Kabinetiniň 2-nji fewralda geçirilen mejlisinde hem ýaş nesliň bilim-başarnyklaryny döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmegi öňde baş maksat edip goýýan bilim konsepsiýalaryndan gelip çykýan wezipelere üns çekilip, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça ilkinji gezek geçiriljek halkara olimpiadany, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda matematika we informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirmäge gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygy nygtaldy. Munuň özi Arkadag şäheriniň halkara ylym-bilim gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna ýardam edip, dünýäniň ylym-bilim giňişliginde matematika hem-de informatika dersleri boýunça olimpiadalary geçirmekde ýokary okuw mekdepleriniň toplan tejribesini has-da baýlaşdyrar.

Maksatmyrat NURGELDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy.