Dil bilmek baýlykdyr

7 Fewral 2024
461

Ýadawsyz yhlasyň rehnedi

Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle üç dili — türkmen, rus, iňlis dillerini öwretmek bilen bagly öňde goýan wezipesi örän derwaýyslygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi, ösüp gelýän nesliň ene dilinden başga-da dilleri bilmegi ýaşlara uly baýlykdyr we geljekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty netijesinde dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlyk rowaçlanýar. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň ençeme ýurtlarda okap, bilim almaklaryna amatlyklary döredýär.