Durmuşyň gül-gunçalary

7 Fewral 2024
451

Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlyklarynyň, durmuş ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da ösdürilýär. Durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty bolan çagalaryň kadaly ösmegi, milli ruhda terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edilýän irginsiz aladalar muňa subutnamadyr. Munuň özi çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, zehin-başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli şertleri döretmegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem ýaş nesiller baradaky aladalaryň oňyn netijeleriniň biridir. Munuň özi çagalaryň dynç almaklary we beýleki zerurlyklary üçin serişdeleri geçirmäge mümkinçilik döretdi.

Gülkamar Babaýewa,
Türkmenbaşy şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.