Okuw ýygnanyşygy

7 Fewral 2024
435

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleriniň hem-de harby bölümleriniň serkerdeleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşygy geçirildi. Onda 2023-nji ýylyň jemi boýunça serhet birikmeleridir harby bölümlerdäki düzgün-nyzamyň ýagdaýyna baha berlip, şahsy düzüm bilen okuw-terbiýeçilik işleriniň geçirilişini güýçlendirmek, şeýle hem terbiýeçi serkerdeleriň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi. Harby gullukçylaryň söweşjeň ruhuny belende götermek, olaryň ahlak kämilligini gazanmak, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp şygryndan ylhamlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň şygarynyň many-mazmunyny düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat işlerini geçirmek, şeýle-de milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli bolan watançylyk, mertlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk, gahrymançylyk temalaryndaky şygyrlary harby gullukçylaryň arasynda giňden wagyz etmek meselelerine seredildi. Şahsy düzümi çuňňur watansöýüjilik, adamkärçilik, ahlaklylyk ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň möhümdigi bellenildi.

Agamyrat TAHYROW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, podpolkownik.