Bilimli ýaşlar – ýurduň geljegi

7 Fewral 2024
490

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biri ylym-bilim öw-renmek, kitap okamak ýaly ugurlardyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde bu asylly ýörel-geler mynasyp ösdürilýär we ýaş nesillere öwredilýär. Şonuň üçin hem Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösdürilýär, iň kämil usullar durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň kämil bolup ýetişmekleri, olaryň ylymly-bilimli bolmaklary esasy ugurlaryň biridir. Ylym-bilimi özleşdirmek, ösen tehnologiýalary, kompýuterleri öwrenmek bu günki ýaşlaryň baş maksady bolup durýar.

Häzirki ajaýyp döwrümizde gazanylýan ösüşler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Şeýle uly ösüşlerde ýaş hünärmenleriň, bilimli ýaşlaryň aýratyn orny bardyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň üçin bilimli ýaşlarymyz döwrebap tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýärler, bu babatda öz goşantlaryny hem goşýarlar.

Jumadurdy JUMAÝEW
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy