Bilimli nesil bagtyýar geljegimizdir

7 Fewral 2024
825

«Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr. Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz ajaýyp zamanamyzyň ýaş nesilleri hakda uly alada edýär. Olaryň kämil bilim almaklaryny, geljekde hünärli, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak boýunça öňde goýlan aýdyň wezipeler, her bir çaganyň öz zehin-başarnygyny ýüze çykarmagy üçin döredilýän amatly şertler bu gün oňat netije berýär.

Ýurdumyzda ýaş nesle bilim-terbiýe bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ylym-bilim ulgamyny özgertmek, okatmagyň, bilim bermegiň hem-de hünär öwretmegiň hilini täze derejä çykarmak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesini mugallymlaryň gazanýan oňat görkezijilerinden hem görmek bolýar. Bagbanyň ýetişdirýän baglarynyň, gülleriniň çeken zähmetini görkezişi ýaly, okuwçylar mugallymyň ýüzi hasaplanýar. Mekdep okuwçylary hem «Altyn asyryň altyn zehinleri» ady bilen geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerinde özleriniň bilim derejelerini, zehin-başarnyklaryny görkezýärler. Bu bolsa mugallymlaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Şahida Egemberdiýewa,
Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki 21-nji orta mekdebiň mugallymy.