Ylym menzillerinde taplanan

8 Fewral 2024
791

Halkyň baý taryhy onuň dilinde, edebiýatynda, medeniýetinde hem sungatynda ýaşaýar. Hut şolar arkaly nesilden-nesle geçýär. Şoňa görä-de, dil halkyň gymmatly hazynasydyr, döwürleriň we nesilleriň arasyndaky köprüdir. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli şahyrymyzyň sarpasynyň örän belent tutulýandygyny alamatlandyrmak bilen bir hatarda, şu mizemez hakykata hem döwlet derejesinde üns çekilmegidir. Bu ýyl baý edebi mirasymyzyň ýyly bolşy ýaly, asal dilimiziň hem ýylydyr. Bu gymmatly mirasyň goralyp saklanmagynda, nesillere ýetirilmeginde bolsa dilçi alymlara möhüm orun degişli. Şoňa görä, biz hem söz ussady, söze sarpa goýýan, türkmen filologiýasynda uly işleri eden alym, ençeme kitaplaryň awtory, ussat, halypa mugallym Begmyrat Weýisowyň durmuş hem zähmet ýoly barada söz açmagy makul bildik.

Ömür saly segsene ser uran görnükli dilçi alym Begmyrat Weýisow Lebap welaýatynyň Garabekewül şäherinde dogulýar. 1959-njy ýylda etrap gazetinde harp ýygnaýjylykdan başlanan zähmet ýoly ony filologiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent derejesine ýetirýär. Ol okuwçy wagty ýerli senagat kärhanasynda agaç we tüneke ussasy bolup işleýär. Gündizlerine işläp, agşamky işçi ýaşlar mekdebinde okaýar. Peç, turba, işik-aýna, çagalara sallançak ýasaýar. Kakasy Weýis aga oňa halypalyk edip, ussaçylygyň inçe tärlerini öwrederdi. Ol çörek bişirijiniň kömekçisi hem bolupdy.

Batyr KULIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.