Döwrebap okuw-terbiýeçilik toplumy

7 Fewral 2024
498

Geçen ýyl, ýagny Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdebe çenli bölümi we iňlis diline ýöriteleşdirilen orta mekdep bar.

3 gatly bu mekdebiň giň howlusynda uly we kiçi synplaryň okuwçylary üçin niýetlenen basketbol, woleýbol we futbol meýdançalary döwrebap şertler bilen üpjün edilen. Bu mekdepde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin lingafon we kompýuter otaglary, himiýa, fizika, biologiýa dersleri boýunça tejribe otaglary, gyzjagazlar üçin zähmet dersi boýunça aşhana we tikinçilik otaglary bar. Oglanlaryň zähmet otagy bolsa iň döwrebap gurallar, dürli zähmet enjamlary bilen üpjün edilendir. Binanyň içinde giň sport zaly bolup, ol ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilendir. Mekdepdäki mejlisler zaly bolsa döwrüň talabyna laýyklykda gurlandyr.

Agamyrat HOJABERDIÝEW,
Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň müdiri.