Halkara olimpiada taýýarlyk

7 Fewral 2024
759

Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp Arkadag şäheri bu gün dünýäniň ünsüni özüne çekýär. «Akylly» şäher halkara derejeli forumlaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň, bäsleşikleriň hem-de olimpiadalaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Arkadag şäherinde halkara matematika olimpiadasyny geçirmek barada aýtdy.

Bu hoş habaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat gelmegi bolsa, biz mugallymlary diýseň begendirdi. Maglumat üçin bellesek, geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy boldy. Bu ajaýyp şäherde bilim ulgamy boýunça birnäçe desgalar açylyp ulanmaga berildi. Döwrüň talabyna doly laýyk gelýän bilim ojaklarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy okuw işiniň işjeňligini artdyrýar. Şeýle döwrebap mekdeplerde bilim alýan ýaşlaryň hem-de bu ýerde zähmet çekýän mugallymlaryň ýüzlerinde buýsanç, dillerinde alkyş bar.

Ýanwar ANNAÝEW,
Arkadag şäheriniň Bilim müdirliginiň başlygy.