Ruhubelent nesiller

7 Fewral 2024
654

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sebäbi, şu günki ýaşlarymyz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Aslynda, ynsan ömrüniň iň arzyly menzili ýaşlyk ýyllarydyr. Ýaşlyk — ömrüň bahary. Ýaşlygyň dyňzap duran hyjuwyna älem höweslenýär, uly kynçylyklar baş egýär. Elbetde, her bir adam ýaşlyk döwründe ukyp-başarnygyna görä bilim alyp, hünär öwrenip, özüniň durmuşdaky ornuny kesgitleýär. Berkarar Watanymyzda ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak, jemgyýet bilen köptaraply gatnaşygyny pugtalandyrmak babatda ägirt uly mümkinçilikler bar.

Maýsa DURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.