Synmaz ynam bilen

7 Fewral 2024
662

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzy dünýäde gülläp ösýän, ilaty abadan we bagtyýar durmuşda ýaşaýan mekana öwürdi. Taryh üçin örän gysga döwürde asyrlara barabar ösüş-özgerişler amala aşyryldy. Ýetilen abraýly sepgitler bolsa ýeneki ösüşleriň badalgasydyr. Peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu beýik we röwşen ýörelgäni ynam bilen dowam etdirýär. Gazanylanlary berkitmek, ösüşleriň täze belentliklerini eýelemek üçin has yhlasly we maksada okgunly zähmet çekmeli. Munuň üçin jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň birleşen tagallalary zerurdyr. Şeýle il-ýurt bähbitli işde ýaşlar uly güýç bolup durýarlar. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eserinde aýratyn çuňňur many-mazmuna eýe bolýar.

Ýaşlar jemgyýetimiziň iň işjeň bölegi bolup, olar öňde goýulýan örän jogapkärli wezipeleriň ýerine ýetirilmegine agzybirlik bilen gatnaşmalydyrlar. Olar şeýle-de ýurduň geljeginiň, halkymyzyň ykbalynyň eýeleri bolmaga taýýar bolmalydyrlar. Döwlet Baştutanymyz ajaýyp eserinde: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygyryna öwrüljekdigine, olaryň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip bellemek bilen, ýaşlary beýik işlere çagyrýar.

Jeren TUWAKMEDOWA,
Türkmenabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň mugallymy, Türkmenabat şäher halk maslahatynyň agzasy.