Yhlasly zähmet üstünliklere ýetirýär

7 Fewral 2024
507

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilýär. Bu asylly işe çagalar bagymyzyň işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bag ekmek möwsümlerinde çagalar bagymyzyň meýdançasynda täze baglary we gülleri ekip, olaryň sanyny artdyryp durýarys. Tebigat bilen tanyşlyk, onuň gözelligine guwanmak çaganyň içki dünýäsine oňyn täsir edip, ýaş nesliň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn ösmegini üpjün edýär. Çagalarymyzda tebigata söýgi döretmek, olarda jogapkärli garaýyşlary kemala getirmek tebigat bilen sazlaşykly amala aşyrylanda, has-da oňat netije berýär. Çagalar bilen meýdança gezelenje çykylanda, tebigat gözellikleri, tebigaty söýmek, daşky gurşawy arassa saklamak, baglardyr güllere aýawly garamak baradaky gürrüňler olarda uly gyzyklanma döredýär.

Göreldeli bilim edaralaryny ýüze çykarmak, höweslendirmek maksady bilen ýurdumyzda her ýylda «Iň arassa mekdep», «Iň arassa çagalar bagy» hem-de «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep we çagalar bagy» atly bäsleşikler yzygiderli geçirilip durulýar. Biziň çagalar bagymyz hem şeýle bäsleşiklere gatnaşyp, birnäçe gezek öňdäki orunlara mynasyp boldy. Bu bolsa agzybir işgärlerimizi öňküden-de tijenip işlemäge ruhlandyrýar.

Gülşirin Atanazarowa,
Balkanabat şäherindäki 32-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.