"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!Hanymlar we jenaplar!

Milli Liderimiziň Garaguma gadamy

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi. Gahryman Arkadagymyz hasabaty kabul edip, ilki bilen, bu künjegiň özboluşly tebigatyny, ösümlik dünýäsini synlady. Bellenilişi ýaly, Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumy bina edilende, bu künjegiň özboluşly tebigy aýratynlyklaryna üns berilmelidir.

Gymmatly gollanmanyň ýapon dilindäki terjimesi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» atly kitabyndan: ― Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär.

Dünýä haýran Arkadagyň şäherine!

Il-günümizde bir ýagşy iş edilip, onuňam tarypy dillerde sena bolanda, «dabarasy dag aşdy» diýilýär. Ýaňy-ýakynda Arkadag şäherine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde daşary ýurtly ýokary okuw mekdepleri hem-de kompaniýalary tarapyndan şahadatnamalaryň berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäherine Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» we «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Hindistanyň Çitkara uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Bilkent uniwersitetiniň Milli nanotehnologiýa ylmy-barlag merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň «Moskwanyň Inžener-fiziki instituty» Milli ylmy-barlag ýadro uniwersitetiniň zatlaryň interneti esasynda infrastrukturany ösdürendigi, intellektual ulag ulgamlary, energiýa taýdan netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri, daşky gurşawy gözegçilikde saklaýandygy we dolandyrýandygy üçin üstünlik şahadatnamalary, şeýle hem ekologik taýdan arassalygy üçin Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» hem-de «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Rumyniýanyň Milli ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Izmir tehnologiýa institutynyň, Özbegistanyň Samarkant döw

Arzuwymyz-alkyşymyz Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdarymyza!

Geçip barýan ýyl ömrüňde ýatdan çykmajak şowly pursatlara baý bolan bolsa, ol ýyly düşümli hasaplaýarys. Arkadag şäherinde zähmet çekmek, ýaşamak nesip eden ildeşlerimiziň ählisi 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bagt getirendigini aýdýarlar. Olaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmekligi makul bildik.

Şadyýan pursatlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Durmuş neneň owadan, Diýar neneň nurana!Gel, Täze ýyl, şan berip Bu döwletli döwrana.

Sowgatly söwda merkezleri

Tamamlanyp barýan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl «akylly» şäheriň taryhynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şeýle üstünlikleri bagyş eden ýylyň ahyrky günleri has hem uly dabaralara beslenýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda bu baýramy ikinji gezek garşylaýan Arkadag şäherinde hem täze, 2025-nji ýyly dabaraly garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Şäherdäki belent arçany diýjekmi, baýramçylyk lybasyna giren şäheri diýjekmi, göçme söwda nokatlary diýermiň,.. garaz, sereden ýeriňde baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Söwda nokatlary bolsa hemişe köp adamly. Saçaklaryň berekedi bolan azyk önümlerinden, sowgatlyklardan torbasyny dolduran adamlary göreniňde ýüzlerinde şatlyk, baýramçylyk joşgunlary bar. Munuň özi ildeşlerimiziň halkymyzy ajaýyp döwürde, eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz söýgüsidir. Ynha-da, Arkadag şäheriniň «Gökdere» söwda merkezi. Baýramçylyk mynasybetli alyjylar üçin dürli amatlyklary we ýeňillikleri döredýän söwda merkezi öz işini dowam etdirýär. Döwrebap hyzmatlar, harytlaryň elýeterliligi bu merkezi alyjylaryň köp gelýän ýerine öwürýär. Harytlaryň köpdürlüligem üstesine. Täze ýyl arçalary, dürli bezegler üçin çyralar owadanlygy bilen nazaryňy egleýär. Şeýle-de dürli görnüşli azyk harytlary, gö

«Akylly» şäher — 2024: şanly sepgitler, buýsandyryjy üstünlikler

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan: ― «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryha ýaň salan, milletimize şan bolan wakalarynyň her biri aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Ýöne bu wakalar, täsirli pursatlar bir söhbede sygardan, bir kitaba ýerleşerden juda uly.

Bir günde iki kubok

Hakykatdan hem, şeýle boldy. Arkadag şäheriniň adybir futbol topary 23-nji dekabrda geçirilen final duşuşygynda «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy. Şol gün duşuşygyň geçirilen ýerinde ― paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda Türkmenistanyň çempionatynyň öňdebaryjylaryna hem kubokdyr medallar gowşuryldy. «Arkadag» topary milli çempionatymyzdaky çempionlygy üçin hem kubok bilen sylaglanyldy. Şeýlelikde, ýaňy bir iki ýaşyny dolduryp barýan topar 2024-nji ýylyň futbol möwsüminde gazanyp boljak üç kubogyň ikisine eýe boldy. Geljek ýylda bolsa şu möwsümiň jemleri boýunça Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşyk geçiriler.

Täze ýylyň bosagasynda

Gurbannazar EZIZOW Hany, geçiň giň saçagyň başyna!Bäş minut galypdyr onki bolmana.Döz geldik biz ýyllaň tomus, gyşyna,Sarpa goýduk bereketli ummana.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

✓ — Gyş paslynda ýagyş-ýagmyrdan soň kiçi ýaşly çagalaryň ýeke özüniñ köçä çykmagyna ýol bermeli däl, gartaşan adamlar hem seresap bolmaly. ✓ Sowuk, şemally howada adamyň başy ýyly ýaglyk ýa-da başgap bilen örtülen bolmaly.

Tomaşa jaýlarynda

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry: 28-nji dekabrda

Ünslüligi ünsden düşürmäň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy watandaşlarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutlaýar hem-de baýramçylygy asuda we parahat geçirmegi arzuw edip, şulary ýatladýar. Täze ýyl arçalary gurnalanda ony çyra bezegi bilen bezemek işi diňe şol ugurdan işleýän tejribeli elektrik ussasy tarapyndan ýerine ýetirilmeli. Arça yşyklandyryjylarynyň näsazlygy duýulsa, (simleriň gyzmagy, uçgun emele gelmegi we ş.m.) çyra bezegi haýal etmän öçürilmeli we näsazlyk anyklanyp, ony düzedilýänçä işletmegi gadagan etmeli. Arçanyň bezeg çyralaryna elektrik simleri kabel kanallarda özbaşyna geçirilip, birikdirilen ýerlerini gysyjylar bilen berkidip, yzgar geçirmeýän sargy bilen berk örtmeli, elektrik geçirijiniň ugrunda awtomatik goraýjy oturdylmalydyr.

«Arkadag» topary Türkmenistanyň kubogynyň finalyna çykdy

«Arkadag» futbol topary ýarymfinal duşuşyklarynda Balkanabadyň «Nebitçisinden» üstün çykyp, Türkmenistanyň kubogynyň finalynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Sanlyja günden geçiriljek final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» toparlary duşuşar. Bu iki topary geçen ýyl hem Kubok ýaryşynyň finalynda biri-birine garşydaş bolupdylar. Finala çenli ýolda «Arkadag» topary çärýek finalda «Şagadamy» iki duşuşykda 3:0 we 3:1 hasaplarynda utup, adyny ýarymfinala ýazdyrdy. Ýarymfinalda bolsa topar iki duşuşykda «Nebitçiniň» derwezesinden iki duşuşykda 12 gol geçirdi.

Magtymguly Pyragynyň neşir edilen eserleriniň sergisi

18-nji dekabrda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly Pyragynyň dürli döwürlerde neşir edilen eserleriniň sergisi guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary  gatnaşdylar. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýulýar. Onuň her bir goşgusynda watansöýüjilik, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, dost-doganlyk, agzybirlik ýaly ynsanperwer ýol-ýörelgeler öňe sürülýär. Hut şunuň bilen baglylykda, akyldar şahyryň golýazmalar toplumy diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda-da aýratyn orun eýeleýär. Onuň şeýledigi sergide-de öz beýanyny tapdy. Onda Magtymgulynyň dürli döwürlerde neşir edilen kitaplary bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, muzeý gaznasyndan şahyryň heýkeliniň keşbi çitilen haly, milliligimiziň nusgasy bolan şekilli el halylarymyz şeýle hem beýleki gymmatlyklar görkezilýär.

Ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Arkadag şäheriniň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda magtymgulyşynas alymlar bilen «Magtymguly Pyragy — berkararlyk binýady» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler şahyryň şygyrlarynda beýan edilýän ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýolunyň, umumadamzat bähbitli pelsepe-garaýyşlarynyň ýaşlar üçin terbiýeçilik mekdebidigini bellediler. Şeýle-de ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin belentde goýulýandygyny nygtadylar.

«Akylly» öýler

Adamzat ähli döwürde hem ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek, daş-töweregimizi gurşap alýan ägirt uly dünýäniň özünde saklaýan syrlaryny açmak, öwrenmek, göz ýetirmek isläpdir. Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerimize çenli  ýazyjy-şahyrlar, alymlar durmuşymyzy ýeňilleşdirjek tehnologiýalaryň dörejekdigi barada öz eserlerinde, şygyrlarynda we ylmy işlerinde ýazypdyrlar. Ýazyjy Reý Bredberri özüniň 1950-nji ýylda neşir edilen «Mylaýym ýagyş bolar» («Будет ласковый дождь») romanynda geljegiň «akylly» öýleri barada giňişleýin belläp geçipdir. Şol wagtlar bu pikir başa barmajak täsinlik ýaly bolsa-da, häzirki döwürde adamlar şeýle jaýlarda ýaşap ýörler. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň diňe bir ýaşaýyş jaýlarynda däl, eýsem şaýollarydyr köçelerinde, edara-kärhanalarynda, mahlasy, ähli düzümlerinde «akylly» şäher konsepsiýasy ornaşdyrylan. «Akylly» öýleriň özünde jemleýän mümkinçilikleri we onuň taryhy barada bilmek gyzykly bolsa gerek. «Akylly» öýüň taryhy öz gözbaşyny geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan, ýagny ýagtylygy sazlaýjy enjam bolan dimmeriň döremeginden başlanýar. XX asyryň ahyrynda tehnologiýa bazarynda tranzistorlar, sanly gözegçilik enjamlar, mikroshemalar we programmalaşdyryp boljak beýleki elementler peýda boldy. Hut şol döwürde «akylly» öýleriň häzirki zaman görnüşlerine meňzeş ilkinji görnüşleri peýda bolup başlady.

Milli ykdysadyýetde möhüm pudak

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatda, hususan-da, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, geljek ýyl ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň çägindäki biokärhanalary abatlamak, olary zerur serişdeler, enjamlar bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de pagta öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Arkadagyň şöhratly şäheri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Gadymy Ahal topragynda taryh üçin juda gysga döwürde döredilen Arkadag şäheri halkymyzyň buýsanjy hem-de guwanjydyr. 14-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi, şeýle-de Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen hem duşuşdy.

Hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

Öňňin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart Türkmenistanyň gözel tebigatynyň we haýwanat dünýäsiniň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtap, ýurdumyzda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň biodürlüligini gorap saklamak hem-de baýlaşdyrmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň dünýä nusgalykdygyny belledi. Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ekologiýa ugruna aýratyn üns berilýändigini, bu ugurda abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2024-nji ýylda Türkmenistanyň teklipleri boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki tagallalaryna berilýän ýokary bahanyň aýdyň güwäsidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtd