Kitap — ýakyn syrdaş

7 Fewral 2024
564

Kitap okamak endikleriň iň gowusydyr. Kitap okamagyň lezzetini alan adam her gün okamaga wagt tapýar. Okamak bilen adam öz dünýägaraýşyny giňeldip, dürli medeniýetleri öwrenýär. Okamak düşünjäňi kämilleşdirýär we pikirlenmegiňi çuňlaşdyryp, ýadyňy hem ýiteldýär, özüňe bolan ynamy ýokarlandyryp, has döredijilikli işlemäge ýardam edýär. Angliýanyň Susseks uniwersitetiniň alymlary tarapyndan 2009-njy ýylda geçirilen gözlegleriň netijesine görä, bary-ýogy 6 minutlap kitap okamagyň adamyň nerw dartgynlyk derejesini 68 göterim peseldýändigi anyklandy. Olaryň tassyklamagyna görä, ýöremek nerw dartgynlyk derejesini 42 göterim, bir käse çaý ýa-da kofe içmek, aýdym-saz diňlemek 61 göterim azaldýar. Bu işleriň ählisinden has güýçli dartgynlygy peseldýän okamagyň rahatlandyryjy täsiri, ünsi sowmaga we okyjynyň ünsüni çekmäge mümkinçilik berýär. ABŞ-nyň Ýale uniwersitetiniň alymlary 10 ýylyň dowamynda, 50 ýaşdan uly 3600-den gowrak adamda synag geçirdiler. Barlaglaryň netijesinde her gün azyndan 30 minutlap kitap okaýan adamlaryň 2 ýyl uzak ýaşaýandyklaryny anykladylar. Kitap okamagyň iň oňat peýdalaryndan biri hem, söz baýlygyňy artdyrmagydyr. Kitaplarda ýygy-ýygydan ulanylýan, ýöne gepleşik dilimizde ulanylmaýan sözleri öwrenmek beýleki adamlara täsir etmegiň örän üstünlikli usulydyr. Bu medeniýetli bolmaga we beýleki adamlar bilen aragatnaşygy gowulandyrmaga oňyn täsir edýär. Kitap okamak adam ruhunyň daýanjy we melhemi. 

Ogulgerek ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.