"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym-bilim — röwşen geljegimiziň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek boýunça ylym-bilime daýanyp, giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryna laýyklykda, beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Durmuşa geçirilýän özgertmeleri beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, ýaş nesle berilýän bilimiň, terbiýäniň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesinde hem görmek bolýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde bilim ulgamy döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Jemgyýetimiziň ähli ulgamlarda täze belentliklere, ösüşlere ýetmeginde ylymly-bilimli ýaşlaryň möhüm orny bardyr.

Belent üstünlikleriň beýany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen il-ýurt bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň guwandyryjy netijeleri bolsa haýsy ulgamda zähmet çekýänligiňe garamazdan, ösüşli Watanymyza bolan guwanjymyzy goşalandyrýar. Adamlaryň saglygy hakyndaky aladalar bolsa has-da buýsançlydyr. Hut şonuň üçin hem bu günki günde ähli ugurlar bilen bir hatarda lukmançylyk ylmyna hem aýratyn üns berilýär. Dünýädäki öňdebaryjy ylmyň gazananlaryna daýanmak, täze tehnikalary, tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak we häzirki döwrüň talaplaryny üstünlikli berjaý etmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda esasy ýörelgä öwrüldi. Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatynyň ulanylmagy, bilimiň, ylmy-barlaglaryň ýokary netijeliligi, hünärmenleriň derejesiniň kämilligi ösüşiň hiline uly täsir edýär. Şol sebäpli ylmy maslahatlary geçirmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýokary okuw mekdebimizde lukmançylyk ugurly hünärmenleriň taýýarlanylyşyna, ylym-bilim öwretmegiň ähmiýetine uly üns berilýär. Hut şu ugur boýunça taýýarlanylýan hünärmenleriň kämilligi professor-mugallymlaryň öwredýän bilimleriniň netijeliligini kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmegiň ulgamyny kämilleşdirmekde hem möhüm işler

Halkara derejeli çärelere taýýarlyk

Uniwersitetimiz 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji aprelinde ilkinji gezek ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda informatika dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasyny hem-de şol bir wagtyň özünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmegi meýilleşdirýär. Informatika dersi boýunça geçiriljek II Açyk halkara olimpiadasyna dünýäniň 14 döwletiniň 50-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden 130-a golaý daşary ýurt myhmanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olimpiada islendik hünärde bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp biler. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky halkara olimpiadany ýokary derejede we talabalaýyk geçirmek üçin uniwersitetimizde ähli zerur şertler döredilendir. Informatika dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasy şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçiriler. 1-nji tapgyrda gatnaşyjylara programmalary işläp düzmek bilen bagly ýumuşlar hödürleniler. Bu ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin programmalary diňe ýörite sanawda görkezilen programmirleme dilinde işläp düzmeli. 2-nji tapgyrda gatnaşyjylara kiberhowpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuşlar hödürleniler. Gatnaşyjylar bildirilýän talaplara laýyklykda, operasion ulgamdaky kemçilikleri düzetmek üçin sanawda görkezilen prog

Hünär okuwlary döwrebap kämilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesini öňde goýýar. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňüleriniň derejesine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ugurlarynyň giňeldilmegi ýokary okuw mekdeplerinde ylmy we tejribelik işiniň netijeliligini has-da artdyrmagy talap edýär. Döwrebap hünärmeniň zähmet bazarynda bäsdeşlik ukybyny artdyrmak we dünýä ülňülerine laýyklykda hünär derejesini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki wagtda köp sanly ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri hereket edýär. Olaryň işiniň esasy ugurlary işgärleriň hünär bilimleriniň we başarnyklarynyň üznüksiz ýokarlandyryş ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň esasynda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde okuwy döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek, bilimiň hilini düýpli ýokarlandyrmak goýulýar. Fakultetler mugallymlaryň nazary we amaly bilimlerini çuňlaşdyrmak, okatmagyň innowasion usullary, görnüşleri we serişdeleri bilen tanyş bolmak, mugallymçylyk ussatlygyny kämille

Özgertmeler rowaçlanýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilip, bu ugurda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýaşlaryň bilim-terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine has oňaýly şertler döredilýär. Jemgyýetiň ösmeginde we onuň öňe ilerlemeginde giň gözýetimli ýaşlaryň ornunyň bardygyny bellemek bolar. Şunda ylym-bilimiň ösüşi esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ähli döwürlerde ylym-bilim düýpli öwrenilip, bu ugra ähmiýet berlipdir. Jemgyýetçilik ösüşiň merkezinde duran ylmyň näderejede zerurlykdygyna giňden göz ýetirilipdir. Ylmyň häzirki ösüşiniň gazanylmagynda türkmen akyldarlarynyň, alymlarynyň paýynyň bardygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar. Häzirki zaman şertlerinde bilimiň döwrebap ugurlaryny ösdürmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we oňa oňat düşünýän ýaşlary kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşini ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrebap desgalarynyň ulanylmaga berilmeginde aýdyň görmek bolýar. Döwrebap bilim ojaklarynyň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi gazanylýan netijäni görkezýär. Orta mekdeplerde daşary ýurt dilleriniň, şol sanda iňlis, rus, ýapon, hytaý dilleriniň okadylmag

«Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Ýakynda Ahal welaýaty boýunça Änew şäherindäki ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmek, okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olarda ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak duýgusyny ösdürmek maksady bilen guraldy.

Ýeňijiler bäsleşikde saýlanýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, iň kämil maglumat tehnologiýanyň ösüşlerinden oňat baş çykarýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde hem mekdep okuwçylarynyň arasynda taslama (ylmy-döredijilik) we ders bäsleşikleri guramaçylykly geçirilýär. Golaýda Daşoguz welaýaty boýunça orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde taslama (ylmy-döredijilik) işleriniň welaýat tapgyry Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde geçirildi. Bu bäsleşige welaýatyň orta mekdeplerinden göreldeli okuwçylar gatnaşdylar.

Körpeleri dil öwrenmäge gyzyklandyrmak

Mekdebe çenli bilim edaralarynda iňlis dili sapaklarynda mugallymyň döredijilikli çemeleşmegi kiçi ýaşly çagalaryň beden we pikir sagdynlygyny ösdürmäge oňyn täsir edýär. Sapaklaryň täsirli we gyzykly bolmagy mugallymdan edilýän esasy talaplaryň biridir. Dil kesgitlenen kada görnüşinde däl-de, owazlar keşpler, hereketler bilen öwredilende, çaga üçin sapak gyzykly bolýar. Sapaklarda we sapakdan daşary çärelerde aýdymlary, goşgulary, sahnalary ulanmak guramaçylyk meselelerini çözmäge we çagalaryň iňlis dilini öwrenmäge gyzyklanmalaryny artdyrmaga ýardam edýär.

Döwrebap bilim - kämil nesliň binýady

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sebäbi, şu günki ýaş neslimiz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaş nesliň başlangyç bilimden başlap döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaş nesle çagalykdan başlap aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlyklarynyň, durmuş ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da ösdürilýär. Durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty bolan çagalaryň kadaly ösmegi, milli ruhda terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edilýän irginsiz aladalar muňa subutnamadyr. Munuň özi çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, zehin-başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli şertleri döretmegiň ýurdumyzyň dö

Dil öwrenmek – üstünlikleriň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurt dillerini bilmek, dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek zerurlygy aýdyň ýüze çykýar. Aslynda, dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň gymmatly ygtybarly serişde bolup durýar. Dil - uly baýlyk, ynsan gatnaşyklarynyň genji-hazynasy. Ýaş nesilleriň dil öwrenmekleri ähli üstünlikleriniň özenidir. Hormatly Prezidentimiz: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip belleýär. Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda «Abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji» ugurlary boýunça okuw geçirilýär

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň iri senagatynyň biri bolup, zawodyň gämi gurluşyk ugrunda işlerini netijeli ýola goýmakda, milli söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmekde öňde goýulan maksatlara ýetmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar. Bulardan başga-da «Balkan» zawodynyň aglaba bölegi ýaş gämi gurluşykçylardan ybarat bolup durýandygyny nazara almak bilen, 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan «Balkan» zawodynyň önümçilik zerurlygy sebäpli Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi tarapyndan 23 (ýigrimi üç) sany gämi reňkleýjileri jemgyýetiniň binýadynda «Abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji» ugurlary boýunça  gysga möhletli 2 aýlyk hünär toparynyň okuwlary  okadylýar.

Beýik işler bilime daýanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä hem durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ilerledýän güýç hökmünde ylym-bilim ulgamyna uly tagallalar gönükdirilýär. Bu işler ýurduň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagynda aýdyň ýüze çykýar. Häzirki döwrüň öňde goýýan möhüm wezipelerine, bildirýän talaplaryna has içgin göz ýetirmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gymmatly gollanma bolmak bilen, diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, ýaş nesil bilen iş salyşýan ähli hünärmenleriň, şol sanda bilim işgärleriniň hem ýankitabyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz bu kitapda: “Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr” diýip nygtamak bilen, bu ugurdaky işleriň iňňän jogapkärlidigine ýene bir gezek ünsi çekýär. Ýurdumyzda ýaş nesil bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň ähli basgançaklarynda bilim-terbiýe berlişiniň kämilleşdirilmeginde bu kitapda ündelýän ýörelgeleriň, beýan edilýän tejribeleriň gymmatly ähmiýeti bardyr.

Okuw maslahaty geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan «Zähmeti goramak we howpsuz iş şertlerini döretmek, kämilleşdirmek döwlet syýasatynda möhüm mesele hökmünde kesgitlenilendir» diýen şygar bilen tehniki okuw maslahaty geçirildi. Agzalan konserniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden nebitgaz senagatynyň önümçilikleriniň zähmeti goramak we howpsuzlyk bölüminiň ýolbaşçylary, inženerleri, hünärmenleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Ylham Jumageldiýew, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri boýunça gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň döwlet inspektory Serdar Meretalyýew, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri müdirliginiň zähmet şertleri bölüminiň başlygy Jennet Agajanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olaryň çykyşynda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişini barlap öwrenmek, ýol-ulag serişdeleri we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň öňüni almak, tehniki we ek

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bäsleşigiň welaýat tapgyry Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goýýar. Bu babatda möhüm ähmiýetli maksatnamalar, taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ylymly-bilimli, ukyp-başarnykly, aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda her ýyl mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň uly ähmiýeti bar.

Oguz nesli ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň ýolunda

Häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda-da, uly adamlaryň arasynda-da dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesliler günsaýyn artýar. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmeklige hemmetaraplaýyn mümkinçilikler-de döredilýär, şeýle-de ýurdumyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini täze usulyýetler arkaly özleşdirmek üçin döwrebap enjamlar ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon dili-de öwredilýär. Häzirki wagtda täze dilleri öwrenmek hem döwrüň talaby bolup durýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tehnologiýa ylymlaryny öwredýän bilim ojagy bolup, onda okuw sapaklaryny iňlis, ýapon dillerinde geçmegimiz, esasan-da, öwrenýän tehnologiýalarymyza dahylly adalgalaryň ýapon dilinde aňladylmagy bize bu dili tiz öwrenmäge we ýatda saklamaga uly ýardam edýär.

Matematiki modelirleme boýunça geçirilen ders bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematiki modelirleme boýunça ders bäsleşigi geçirildi. DIM-niň HGI-iň halkara ykdysady gatnaşyklar fakultetiniň halkara ykdysady gatnaşyklar kafedrasy çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.

Sözleýiş medeniýetiniň kämilleşdirilişi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylda ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim hem terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däplere eýerip, okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanmak mugallymlaryň öňünde wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde hem, häzirki döwürde türkmen diliniň öwredilişini täze talaplara laýyk guramak zerurdyr. Dilimiziň arassalygyny, many goýazylygyny, dil medeniýetini, köpöwüşginliligini okuwçylaryň aňyna ýetirmekde geçilýän sapaklaryň örän uly ähmiýeti bar. Olaryň her biri türkmen diliniň gadymylygyndan hem-de şirinliginden habar berýär. Dildäki ähli serişdeleri sözleýişde dolulygyna amal etmek medeniýetlilikden nyşandyr. Sözleýiş medeniýetiniň kämilligi bolsa, ynsanyň sowatlylygynyň, giň dünýägaraýyşlylygynyň aňlatmasydyr. Şeýle hem mekdepde geçilýän «Sözleýiş medeniýeti» diýen temanyň üsti bilen okuwçylara sözleýiş medeniýetiniň ugurlaryny açyp görkezmek mümkin.

Okuwçylara nusgawy edebiýaty öwretmek

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmek esasy wezipelerimiziň biridir. Bu bolsa orta mekdeplerde her bir guralýan sapagyň döwrebap, dürli usullarda bolmagyny talap edýär. Edebiýat sapagynda hem okuwçylary milli ruhda terbiýelemäge bolan mümkinçilikler köpdür. Çünki edebiýat sapagynda pähimdar pederlerimiziň döreden edebi mirasyny, dilimiziň çeperçilik aýratynlyklaryny okuwçylara öwredýäris. Bu wajyp wezipäni amala aşyrmak üçin sapagyň dürli usullarda guralmagyny, innowasion tehnologiýadan ýerlikli peýdalanmagy gazanmak gerek. Sapaklaryň özara baglanyşykda bolýandygy her bir mugallym üçin aýdyňdyr. Alymlar «Edebiýat — durmuşyň okuw kitaby» diýen kesgitlemäni beýan edýärler. Aslynda hem, edebiýat çeper diliň önümidir, paýhasyň miwesidir. Şonuň üçin hem edebiýaty çuňňur öwrenmek dil baýlygyňy artdyrýar, pikirlenişi hem ösdürýär. Edebiýat mugallymynyň biliminiň köptaraply bolmalydygy hem şondan gelip çykýar. Şu nukdaýnazardan, edebiýat sapagyny has-da täsirli geçirmek, okuwçylaryň ünsüni çeper edebiýata çekmek zerurdyr. Guraýan her bir sapagymyzda nusgawy edebiýatdan, okuw kitabyndan ýerlikli peýdalanýarys.

Çagalarda surat çekmek endiklerini kemala getirmegiň usullary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesle döwrebap derejede bilim-terbiýe bermek we olary ata Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde bize — bilim işgärlerine möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamyna halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy tejribeler yzygiderli ornaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan beýik işler eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynda bilim-terbiýe bermegiň iň ösen usullaryndan peýdalanylmagy netijesinde giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelýändigi bizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary ýaş nesli terbiýelemek babatda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, oňat dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Olarda çagalaryň ählitaraplaýyn ösmegi, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmek, açyk oýunlar we çagalaryň döredijilik ukybyny ösdürmek hem-de kompýuterde işlemegi öwretmek üçin hem ähli şertler döredilýär.

Tehniki serişdeleri ulanmagyň esaslary

Innowasiýa tehnologiýalarynyň rowaçlanýan häzirki döwürde ylmyň gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, jemgyýetiň intellektual derejesi dünýäniň her bir ýurdunyň geljegini kesgitleýän görkezijileriniň esaslarydyr. Hut şu nukdaýnazardan seredeniňde, täze tehnologiýalary we tehniki serişdeleri okuw tejribesine girizmek möhüm ugurlaryň biridir. Biz döreden elektron gollanmamyz arkaly tejribe-synag okuwyny Koreýanyň «Orient» kompaniýasynyň dil öwrenmek üçin niýetlenen NuriNet — NF multimedia otagynda geçirdik. Bu multimedia ulgamly abzal on bir sany kompýuterden we otagyň diwaryna berkidilen uly göwrümli elektron ekrandan ybarat. Bu ekran diňe bir okuw otagynyň tagtasynyň ornuny tutmak bilen çäklenmän, eýsem, mugallymyň kompýuterinden goýberýän ähli maglumatlaryny hem-de talyplaryň kompýuterlerinde ýerine ýetirýän ähli okuw işlerini aýdyň görkezýär. Bu elektron ekranly okuw serişdesiniň mümkinçiliklerini diňläp düşünmekde we gepleýiş başarnyklaryny ösdürmekde okuw-türgenleşik işleri üçin peýdalanyp bolar.