Hünär okuwlary döwrebap kämilleşdirilýär

20 Fewral 2024
695

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ylym-bilim ulgamyndaky döwlet syýasaty ägirt uly maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge ukyply ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesini öňde goýýar. Milli bilim ulgamynyň dünýä ülňüleriniň derejesine çykarylmagy häzirki döwürde ýurdumyzda toplumlaýyn wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ugurlarynyň giňeldilmegi ýokary okuw mekdeplerinde ylmy we tejribelik işiniň netijeliligini has-da artdyrmagy talap edýär. Döwrebap hünärmeniň zähmet bazarynda bäsdeşlik ukybyny artdyrmak we dünýä ülňülerine laýyklykda hünär derejesini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda köp sanly ýokary okuw mekdeplerinde hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetleri hereket edýär. Olaryň işiniň esasy ugurlary işgärleriň hünär bilimleriniň we başarnyklarynyň üznüksiz ýokarlandyryş ulgamyny döretmäge gönükdirilendir. Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň esasynda ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerinde okuwy döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek, bilimiň hilini düýpli ýokarlandyrmak goýulýar. Fakultetler mugallymlaryň nazary we amaly bilimlerini çuňlaşdyrmak, okatmagyň innowasion usullary, görnüşleri we serişdeleri bilen tanyş bolmak, mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek, ylmy mümkinçilikleri we döredijilik başarnyklaryny ösdürmek, bilim pudagynda gazanylan üstünlikleriň ynamly öňe gitmeginde innowasion esaslary işläp taýýarlamak ýaly wezipeleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýedir.

Gadam AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy, Mary şäher Halk Maslahatynyň agzasy.