Okuwçylara nusgawy edebiýaty öwretmek

18 Fewral 2024
684

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmek, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmek esasy wezipelerimiziň biridir. Bu bolsa orta mekdeplerde her bir guralýan sapagyň döwrebap, dürli usullarda bolmagyny talap edýär. Edebiýat sapagynda hem okuwçylary milli ruhda terbiýelemäge bolan mümkinçilikler köpdür. Çünki edebiýat sapagynda pähimdar pederlerimiziň döreden edebi mirasyny, dilimiziň çeperçilik aýratynlyklaryny okuwçylara öwredýäris. Bu wajyp wezipäni amala aşyrmak üçin sapagyň dürli usullarda guralmagyny, innowasion tehnologiýadan ýerlikli peýdalanmagy gazanmak gerek. Sapaklaryň özara baglanyşykda bolýandygy her bir mugallym üçin aýdyňdyr.

Alymlar «Edebiýat — durmuşyň okuw kitaby» diýen kesgitlemäni beýan edýärler. Aslynda hem, edebiýat çeper diliň önümidir, paýhasyň miwesidir. Şonuň üçin hem edebiýaty çuňňur öwrenmek dil baýlygyňy artdyrýar, pikirlenişi hem ösdürýär. Edebiýat mugallymynyň biliminiň köptaraply bolmalydygy hem şondan gelip çykýar. Şu nukdaýnazardan, edebiýat sapagyny has-da täsirli geçirmek, okuwçylaryň ünsüni çeper edebiýata çekmek zerurdyr. Guraýan her bir sapagymyzda nusgawy edebiýatdan, okuw kitabyndan ýerlikli peýdalanýarys.

Abadan SATYBALDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň mugallymy.