Ýeňijiler bäsleşikde saýlanýar

20 Fewral 2024
672

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, iň kämil maglumat tehnologiýanyň ösüşlerinden oňat baş çykarýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde hem mekdep okuwçylarynyň arasynda taslama (ylmy-döredijilik) we ders bäsleşikleri guramaçylykly geçirilýär.

Golaýda Daşoguz welaýaty boýunça orta mekdepleriň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde taslama (ylmy-döredijilik) işleriniň welaýat tapgyry Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde geçirildi. Bu bäsleşige welaýatyň orta mekdeplerinden göreldeli okuwçylar gatnaşdylar.

Akmyrat GURBANOW,
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.