Tehniki serişdeleri ulanmagyň esaslary

18 Fewral 2024
550

Innowasiýa tehnologiýalarynyň rowaçlanýan häzirki döwürde ylmyň gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, jemgyýetiň intellektual derejesi dünýäniň her bir ýurdunyň geljegini kesgitleýän görkezijileriniň esaslarydyr. Hut şu nukdaýnazardan seredeniňde, täze tehnologiýalary we tehniki serişdeleri okuw tejribesine girizmek möhüm ugurlaryň biridir.

Biz döreden elektron gollanmamyz arkaly tejribe-synag okuwyny Koreýanyň «Orient» kompaniýasynyň dil öwrenmek üçin niýetlenen NuriNet — NF multimedia otagynda geçirdik. Bu multimedia ulgamly abzal on bir sany kompýuterden we otagyň diwaryna berkidilen uly göwrümli elektron ekrandan ybarat. Bu ekran diňe bir okuw otagynyň tagtasynyň ornuny tutmak bilen çäklenmän, eýsem, mugallymyň kompýuterinden goýberýän ähli maglumatlaryny hem-de talyplaryň kompýuterlerinde ýerine ýetirýän ähli okuw işlerini aýdyň görkezýär. Bu elektron ekranly okuw serişdesiniň mümkinçiliklerini diňläp düşünmekde we gepleýiş başarnyklaryny ösdürmekde okuw-türgenleşik işleri üçin peýdalanyp bolar.

Güýçmyrat DURDYMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.