Ylym-bilim — röwşen geljegimiziň şuglasy

20 Fewral 2024
833

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işlerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny giňeltmek, ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmek boýunça ylym-bilime daýanyp, giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlaryna laýyklykda, beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Durmuşa geçirilýän özgertmeleri beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, ýaş nesle berilýän bilimiň, terbiýäniň mazmunyny baýlaşdyrmak we hilini ýokarlandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijesinde hem görmek bolýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde bilim ulgamy döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Jemgyýetimiziň ähli ulgamlarda täze belentliklere, ösüşlere ýetmeginde ylymly-bilimli ýaşlaryň möhüm orny bardyr.

Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.