Döwrebap bilim - kämil nesliň binýady

20 Fewral 2024
383

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sebäbi, şu günki ýaş neslimiz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaş nesliň başlangyç bilimden başlap döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýaş nesle çagalykdan başlap aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlyklarynyň, durmuş ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da ösdürilýär. Durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty bolan çagalaryň kadaly ösmegi, milli ruhda terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edilýän irginsiz aladalar muňa subutnamadyr. Munuň özi çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, zehin-başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli şertleri döretmegiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär.

Mamajan JORAÝEWA
Çärjew etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy