Beýik işler bilime daýanýar

20 Fewral 2024
475

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä hem durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ilerledýän güýç hökmünde ylym-bilim ulgamyna uly tagallalar gönükdirilýär. Bu işler ýurduň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagynda aýdyň ýüze çykýar.

Häzirki döwrüň öňde goýýan möhüm wezipelerine, bildirýän talaplaryna has içgin göz ýetirmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitaby gymmatly gollanma bolmak bilen, diňe bir ýaşlaryň däl, eýsem, ýaş nesil bilen iş salyşýan ähli hünärmenleriň, şol sanda bilim işgärleriniň hem ýankitabyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz bu kitapda: “Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr” diýip nygtamak bilen, bu ugurdaky işleriň iňňän jogapkärlidigine ýene bir gezek ünsi çekýär. Ýurdumyzda ýaş nesil bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleriniň ähli basgançaklarynda bilim-terbiýe berlişiniň kämilleşdirilmeginde bu kitapda ündelýän ýörelgeleriň, beýan edilýän tejribeleriň gymmatly ähmiýeti bardyr.

Mähri ALMAZOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiň mugallymy.