«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda «Abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji» ugurlary boýunça okuw geçirilýär

20 Fewral 2024
455

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzyň iri senagatynyň biri bolup, zawodyň gämi gurluşyk ugrunda işlerini netijeli ýola goýmakda, milli söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmekde öňde goýulan maksatlara ýetmek üçin yzygiderli işleri alyp barýar.

Bulardan başga-da «Balkan» zawodynyň aglaba bölegi ýaş gämi gurluşykçylardan ybarat bolup durýandygyny nazara almak bilen, 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan «Balkan» zawodynyň önümçilik zerurlygy sebäpli Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebi tarapyndan 23 (ýigrimi üç) sany gämi reňkleýjileri jemgyýetiniň binýadynda «Abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji» ugurlary boýunça  gysga möhletli 2 aýlyk hünär toparynyň okuwlary  okadylýar.