Halkara derejeli çärelere taýýarlyk

20 Fewral 2024
838

Uniwersitetimiz 2024-nji ýylyň 15 — 20-nji aprelinde ilkinji gezek ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmaklarynda informatika dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasyny hem-de şol bir wagtyň özünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmegi meýilleşdirýär. Informatika dersi boýunça geçiriljek II Açyk halkara olimpiadasyna dünýäniň 14 döwletiniň 50-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden 130-a golaý daşary ýurt myhmanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olimpiada islendik hünärde bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça okaýan talyplar gatnaşyp biler. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky halkara olimpiadany ýokary derejede we talabalaýyk geçirmek üçin uniwersitetimizde ähli zerur şertler döredilendir.

Informatika dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasy şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçiriler. 1-nji tapgyrda gatnaşyjylara programmalary işläp düzmek bilen bagly ýumuşlar hödürleniler. Bu ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin programmalary diňe ýörite sanawda görkezilen programmirleme dilinde işläp düzmeli. 2-nji tapgyrda gatnaşyjylara kiberhowpsuzlyk meselelerini toplumlaýyn çözmek üçin tehniki ýumuşlar hödürleniler. Gatnaşyjylar bildirilýän talaplara laýyklykda, operasion ulgamdaky kemçilikleri düzetmek üçin sanawda görkezilen programmirleme dilinde programmalaýyn toplumy işläp düzmeli. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda kiberhowpsuzlyk meseleleri bütin dünýäde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ulgamlarynda kiberhowpsuzlyk boýunça dürli görnüşli döwrebap programmalar yzygiderli döredilýär. Kibergiňişlikde has howply we çylşyrymly hüjümler döräp we ösüp bilýär. Kiberhowpsuzlygyň maksady şol meseleleri çözmekden we kibergiňişligi döreýän howplardan netijeli usullar arkaly goramak bilen, onuň kadaly işlemegini üpjün etmekden ybaratdyr. Şu ýerde kiberhowpsuzlyk adalgasyny aýratyn bellemek gerek. Kiberhowpsuzlyk maglumat we aragatnaşyk ulgamlaryň hem-de olarda saklanylýan maglumatyň zyýan getirmekden, rugsatsyz elýeterlilikden, üýtgetmekden ýa-da ulanmakdan goranylan ýa-da goranylýan ýagdaýyndaky iş ýa-da ukyp, mümkinçilik görnüşinde kesgitlenilýär.

Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.