Belent üstünlikleriň beýany

20 Fewral 2024
752

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen il-ýurt bähbitli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bularyň guwandyryjy netijeleri bolsa haýsy ulgamda zähmet çekýänligiňe garamazdan, ösüşli Watanymyza bolan guwanjymyzy goşalandyrýar. Adamlaryň saglygy hakyndaky aladalar bolsa has-da buýsançlydyr. Hut şonuň üçin hem bu günki günde ähli ugurlar bilen bir hatarda lukmançylyk ylmyna hem aýratyn üns berilýär.

Dünýädäki öňdebaryjy ylmyň gazananlaryna daýanmak, täze tehnikalary, tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak we häzirki döwrüň talaplaryny üstünlikli berjaý etmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzda esasy ýörelgä öwrüldi. Häzirki zaman şertlerinde jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatynyň ulanylmagy, bilimiň, ylmy-barlaglaryň ýokary netijeliligi, hünärmenleriň derejesiniň kämilligi ösüşiň hiline uly täsir edýär. Şol sebäpli ylmy maslahatlary geçirmek, ýaş hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýokary okuw mekdebimizde lukmançylyk ugurly hünärmenleriň taýýarlanylyşyna, ylym-bilim öwretmegiň ähmiýetine uly üns berilýär. Hut şu ugur boýunça taýýarlanylýan hünärmenleriň kämilligi professor-mugallymlaryň öwredýän bilimleriniň netijeliligini kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmegiň ulgamyny kämilleşdirmekde hem möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.

Klyç RIZAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hirurgiýa kafedrasynyň assistenti.