«Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

20 Fewral 2024
842

Ýakynda Ahal welaýaty boýunça Änew şäherindäki ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy gyzlar gurnagy» atly bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň alyp barýan işlerini has-da işjeňleşdirmek, okuwçy gyzlarda zähmetsöýerligi, gyz edebini, ahlak gözelligini, türkmen gyzlaryna mahsus bolan asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olarda ene-mamalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyza sarpa goýmak duýgusyny ösdürmek maksady bilen guraldy.

Mähri AGAHANOWA,
Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.