Çagalarda surat çekmek endiklerini kemala getirmegiň usullary

18 Fewral 2024
894

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesle döwrebap derejede bilim-terbiýe bermek we olary ata Watana wepaly ýaşlar edip ýetişdirmek üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmeginde bize — bilim işgärlerine möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamyna halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy tejribeler yzygiderli ornaşdyrylýar. Durmuşa geçirilýän özgertmeler, amala aşyrylýan beýik işler eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynda bilim-terbiýe bermegiň iň ösen usullaryndan peýdalanylmagy netijesinde giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelýändigi bizi diýseň begendirýär, buýsandyrýar.

Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary ýaş nesli terbiýelemek babatda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde körpeleriň aň-paýhas taýdan ösmegi, oňat dynç almagy we wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Olarda çagalaryň ählitaraplaýyn ösmegi, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmek, açyk oýunlar we çagalaryň döredijilik ukybyny ösdürmek hem-de kompýuterde işlemegi öwretmek üçin hem ähli şertler döredilýär.

Ogulgözel AMANDURDYÝEWA,
Arkadag şäherindäki 2-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.