Okuw maslahaty geçirildi

19 Fewral 2024
486

«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan «Zähmeti goramak we howpsuz iş şertlerini döretmek, kämilleşdirmek döwlet syýasatynda möhüm mesele hökmünde kesgitlenilendir» diýen şygar bilen tehniki okuw maslahaty geçirildi. Agzalan konserniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden nebitgaz senagatynyň önümçilikleriniň zähmeti goramak we howpsuzlyk bölüminiň ýolbaşçylary, inženerleri, hünärmenleri gatnaşdylar.

Onuň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Ylham Jumageldiýew, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň tehniki gözegçisi Geldimyrat Seýtiýew, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Ahal welaýaty we Aşgabat şäheri boýunça gullugynyň zähmeti we ýerasty baýlyklary goramak bölüminiň döwlet inspektory Serdar Meretalyýew, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri müdirliginiň zähmet şertleri bölüminiň başlygy Jennet Agajanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olaryň çykyşynda zähmeti goramagyň degişli talaplaryna laýyk gelýän guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişini barlap öwrenmek, ýol-ulag serişdeleri we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň öňüni almak, tehniki we ekologiýa howpsuzlygynyň doly berjaý edilişini gazanmak, zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilişine ünsi güýçlendirmek, işgärlere, hünärmenlere kärdeşler arkalaşygynyň kömegini bermek, önümçilikde ulanylýan enjamlar bilen işlemegiň tehniki howpsuzlygy, bu babatda zähmeti goramak we dolandyrmak, her bir işgäriň, hünärmeniň zähmet şertlerini, üpjünçiligini, howpsuzlygyny talabalaýyk guramak we başga-da ençeme wajyp ugurlara giň orun berildi.

«Nebit-gaz».