Sözleýiş medeniýetiniň kämilleşdirilişi

18 Fewral 2024
649

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylda ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim hem terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan gelýän asylly däplere eýerip, okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanmak mugallymlaryň öňünde wajyp wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde hem, häzirki döwürde türkmen diliniň öwredilişini täze talaplara laýyk guramak zerurdyr.

Dilimiziň arassalygyny, many goýazylygyny, dil medeniýetini, köpöwüşginliligini okuwçylaryň aňyna ýetirmekde geçilýän sapaklaryň örän uly ähmiýeti bar. Olaryň her biri türkmen diliniň gadymylygyndan hem-de şirinliginden habar berýär. Dildäki ähli serişdeleri sözleýişde dolulygyna amal etmek medeniýetlilikden nyşandyr. Sözleýiş medeniýetiniň kämilligi bolsa, ynsanyň sowatlylygynyň, giň dünýägaraýyşlylygynyň aňlatmasydyr. Şeýle hem mekdepde geçilýän «Sözleýiş medeniýeti» diýen temanyň üsti bilen okuwçylara sözleýiş medeniýetiniň ugurlaryny açyp görkezmek mümkin.

Gülnahal ÖWEZMYRADOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.