Oguz nesli ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň ýolunda

18 Fewral 2024
607

Häzirki wagtda ýaşlaryň arasynda-da, uly adamlaryň arasynda-da dünýä dillerini öwrenmäge bolan höwesliler günsaýyn artýar. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmeklige hemmetaraplaýyn mümkinçilikler-de döredilýär, şeýle-de ýurdumyzyň bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini täze usulyýetler arkaly özleşdirmek üçin döwrebap enjamlar ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýapon dili-de öwredilýär. Häzirki wagtda täze dilleri öwrenmek hem döwrüň talaby bolup durýar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tehnologiýa ylymlaryny öwredýän bilim ojagy bolup, onda okuw sapaklaryny iňlis, ýapon dillerinde geçmegimiz, esasan-da, öwrenýän tehnologiýalarymyza dahylly adalgalaryň ýapon dilinde aňladylmagy bize bu dili tiz öwrenmäge we ýatda saklamaga uly ýardam edýär.

Jemal Otuzowa,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň kompýuter lingwistikasy hünäriniň talyby.