"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halypa-şägirtlik ýolunda

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmekde, olary wagyz etmekde, medeni mirasyň esasy ugurlaryny ýaş nesle ýetirmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bilşimiz ýaly, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen bilelikde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalaryny hem-de olary ören iş guralyny sowgat bermegi ähli halkymyzy buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowa türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşini nepis halylaryň gölleridir nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmakda öz goşandyny goşmak bilen, Ogulabat ejäniň nusgalyk mekdebini mynasyp dowam etdirýär. Munuň özi asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlarynyň döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Medeniýetiň aýrylmaz bölegi

Şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna sarpa goýmak, hormat bilen garamak duýgusy türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeniýetiniň buýsançly aýratynlygydyr. Şeýle kämil medeniýetiň kemala gelmegine ene-mamalarymyzyň zähmetsöýer elleri bilen döreden el işlerine aýratyn orun degişlidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp günlerinde biz ýene-de bir ýatdan çykmajak buýsançly wakanyň şaýady bolduk. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, Arkadagly Serdarymyzyň enesi, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan alajalaryny, alaja örende ulanan güjüm agajyndan ýasalan iş guralyny gowşurdy. «El hünäri — il gezer» diýlipdir. Türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmen zenanlary tarapyndan döredilip, sungat derejesine ýetirilen milli halyçylyk, keşdeçilik, amaly-haşam işleri ýerine ýetirilişi boýunça nepisligi bilen tapawutlanýar.

Millilige buýsanç döredýän nepislik

Türkmen halkynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli däp-dessurlary, milli senetçiligi, milli medeni gymmatlyklary bar. Olar nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Çeper elli türkmen zenanlarynyň hünär ussatlygy bilen döredilen we gadymy wagtlardan bäri meşhur bolan el işleri dünýä derejesinde ykrarnama eýe boldy. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, türkmen halylarynyň ençemesiniň Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda şol milli medeni gymmatlyklaryň köp sanlysy muzeýlerde aýawly saklanýar. Şolaryň arasynda iň ýörgünlileriniň biri, halkyň arasynda ýokary meşhurlyga eýe bolan, her bir öýde ulanylýan alajadyr. Alajanyň işilip hem-de örülip taýýarlanýan görnüşleri bar. Adyndan belli bolşy ýaly, alajany ene-mamalarymyz, gyz-gelinlerimiz dürli reňkli ýüplerden, sapaklardan örän sünnäläp işipdirler, örüpdirler we olary görnüşleri boýunça ulanypdyrlar. Bu gadymy we müdimi senetçiligiň biziň günlerimize ýetirilmeginde eli çeper zenanlaryň tagallalary bellenilmäge mynasypdyr.

Ýörelgä öwrülen görelde

Hoş habarlar göwünleri ganatlandyrýar. Geçen hepdede ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halka ýetirilen habarlaryň birinde Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanylýan iş guralyny muzeýe gowşurandygy aýdyldy. Şol hoş habarda: «Munuň özi asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr» diýlip beýan edilmegi ýöne ýere däldir. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ýaşan manyly ömründe milli amaly-haşam sungatynyň ösdürilmegine goşan goşandy uludyr. Gündogar pähimleriniň birinde: «Halk bagtyýar bolanda toýlar goşa-goşadan geler» diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toýlary toýlara sepleşip, türkmeniň bagtyýar durmuşyny äleme äşgär edýär. Şeýle toýlarymyzyň milli öwüşgine çaýylmagy olary has-da dabaralandyrýar. Çünki halkymyzyň baý milli aýratynlyklary bar, toý bezeglerini alyp görsek-de, lybaslarymyzy alyp görsek-de, aýdym-sazlaryň ýaňlanýan sahnalaryny alyp görsek-de, olarda başga halklaryňka meňzemeýän milli öwüşginler bardyr. Aýratyn-da, toýlarda ene-mamalarymyzyň gadymy döwürlerde döreden amaly-haşam sungatynyň dowamyn

Sünnäli ynsan — dünýäli ynsan

Milletiň käbesi Ogulabat ejäniň nepis alajalarydyr olary örmek üçin niýetlenen iş guraly milli gymmatlyklaryň arasynda orun aldy Il arasyndaky «Eli çeperiň ömri çeper» diýen aýtgy ýöne ýerden dörän däl bolsa gerek. Eliň çeperliginiň ömre, ömrüň çeperliginiň hünärli gollara bagly bolmagynyň gözbaşynda durmuşy hakykat bar. Özi hem giňişleýin söhbet edeniňe degýän hakykat. Bu ýerde ömrüň çeperligi onuň manysy bilen baglanyşyklydyr. Biz bu hakykata türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň käbesi – milletiň käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk ömür ýolundan aýdyň göz ýetirýäris.

Küştdepdi sungaty

Halk döredijiliginiň küştdepdi görnüşiniň döreýşi, kämilleýiş ýoluny Hazar deňziniň kenaryndaky «zikirden» alyp gaýdýandygyny etnograflar, halk döredijiligini öwreniji alymlar belleýärler. Ýerli ýaşulularyň eşiden gürrüňlerine salgylanyp aýtmaklaryna görä, küştdepdi diwanadyr porhanlaryň zikiriniň esasynda, XIX asyryň ikinji ýarymynda ýaşlaryň şolaryň agzyna öýkünmegi arkaly giň gerime eýe bolup ugrapdyr, kämillik derejesine ýetipdir. Etnograf Ýomuthan Garaşhan ogly geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň başlarynda Hazar kenarynyň ýakalarynda ýaşaýan ilatyň arasyna aýlanyp, «Zikir» barada ýazan makalasynda zikiriň hassalara em etmek, şeýle hem dynç almak maksady bilen ýerine ýetirilýändigini belleýär.

Türkmen milli göreşi — toýlarymyzyň bezegi

Türkmen toý-baýramlarynyň bezegi, şowhunly oýunlarymyzyň biri milli göreşimizdir. Ol toýlarda, köplenç, bagşy aýtdyrylyp, at çapdyrylandan soň geçirilýär. Göreş tutjak pälwanlar toý boljak ýere bir-iki gün öň gelip, ýörite bellenilen öýlerde myhman bolýarlar. Göreşden iki-üç sagat öň pälwanlaryň käbiri toýa bişirilen gatlamany ýa-da çapadyny agarandyr ýogurda, gatyga ýanap naharlanýar. Käbirleri bolsa, göreş boljak güni irden birnäçe çig ýumurtga içýär. Türkmen milli göreşi türgeniň beden saglygyna, çalasynlygyna, ukybyna, umuman, hemmetaraplaýyn kämilleşmegine ýardam edýär. Göreşde türgenleşik halypa bilen şägirdiň arasynda diýseň sada, ylalaşykly ýagdaýda geçirilýär. Türkmenlerde «guýmagursak» pälwana — hakyky ussada her öňýeten şägirt boljak bolmandyr, bolup hem bilmändir.

Nesillere nusgalyk miras

Türkmen halkynyň durmuşyny, medeniýetini, ruhy dünýäsini açyp görkezýän baý taryhy bar. Geçmişden şu güne gelip ýeten milli gymmatlyklarymyz, medeni mirasymyz, däp-dessurdyr urp-adatlarymyz bizi ata-babalarymyzyň şöhratly ýoly bilen içgin tanyşdyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmek we wagyz etmek babatda uly işler bitirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen umumadamzat ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Bu asylly iş häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik hökmünde getiren medeni mirasy belent derejede sarpalanýar. Milliligimizi bagtyýar nesillerimize ýetirmekde, ony gorap saklamakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, şeýle-de bilelikde hödürlemeginde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň girizilmegi buýsançly wakadyr. Munuň özi zenanlarymyzyň çeper el hünäriniň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy.

Ýaz göwünli halypa

Eger saz ugrundan işleýändiginden habarly bolmasaň, oňa edebiýatçy mugallym diýjegiň ikuçsuz. Suhangöý, saz ýaly akgynly söhbet edişi, ýatkeşligi onuň söze-de, saza-da deň derejede sarpa goýýandygyny, okumyşlygyny görkezýär. Onuň telegepleşiklerde-de çykyş edýändigini öňden bilýärdim. Boldumsaz etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginde ösüp ulalan Mämmetsaparyň aýdym-saza höwesi heniz orta mekdepde okap ýörkä, ony öz yzyna düşürip başlaýar. Şol wagtlar türkmen dilinden hem edebiýatdan, aýdym-sazdan sapak beren mugallymy, uruş weterany Ýarjan Döwletow, megerem, öz okuwçysyna: «Sözüň hem sazyň ussady bolsun!» diýip, pata beren ýaly. «Ýarjan mugallymyň döşi orden-medaldan doludy. Oňa mekdebiň edil gapdaljygyndan öý beripdiler. Onuň ellerinde okuň yzlary bildirip durdy» diýip Mämmetsapar aýdym-saza höwes döreden mugallymyny ýatlaýar.

Alaja — nepisligiň nusgasy

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepisligiň, ýagny mähir siňdirip ören alajasynyň hem-de olary örmekde ulanan gurallarynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy bagtdan paýly günlerimize nuranalyk çaýdy. Ol gymmatlyklary muzeýe Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen gelip tabşyrmagy külli türkmen halkynyň käbesi mähriban enäniň nusgalyk el işlerine bolan hormat-sarpanyň beýany boldy. Şeýle hem muzeýdäki öňki bar bolan gymmatlyklaryň üstüni ýetirdi. Çünki eden işi nusgalyk, eli işli Ogulabat ejäniň bary-ýogy ýigrimi günüň içinde baldyzy üçin bejeren kürtesi hem muzeýiň naýbaşy gymmatlyklarynyň birine öwrülipdi. Ol bu muzeýe 2021-nji ýylyň ýazynda gowşurylypdy. Bu buýsançly waka bilen baglanyşykly häzir ýurdumyzyň ähli ýerinde dabaraly maslahatdyr duşuşyklar bolup geçýär. Şolaryň biri geçen hepdäniň şenbe gününde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mähir siňen nepislik» diýen at bilen geçirildi.

Mähir siňen nepislik

Öňňin Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mähir siňen nepislik» atly maslahat geçirildi. Ol ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine milletiň käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi mynasybetli guraldy. Maslahatda türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berildi. Taryhy ähmiýeti bolan wakanyň hormatyna guralan maslahat Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşlykdan başlandy. Maslahata gatnaşyjylar sergide goýlan gymmatlyklary synlap, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Halkymyzyň amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklardan ybarat sergide türkmen zenanlarynyň döreden medeni mirasy görkezildi. Munuň özi dabaraly maslahatyň köptaraply häsiýete eýediginiň we onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Baş keşp yk­ba­la öw­rü­len­de...

«7/24 tm» № 32 (167) 07.08.2023 Ça­ga­lyk döw­rü­mi­ziň ýa­ra­maz daý­za­sy Kau­şa­li­ýa, me­ge­rem, hem­me­le­riň ýa­dyn­da bol­sa ge­rek. Ol res­mi adynyň Erin Isak Da­niel bol­ma­gyn­a ga­ra­maz­dan, Ma­no­ra­ma la­ka­my bi­len ta­nal­ýar. Ol 1926-njy ýy­lyň 16-njy aw­gus­tyn­da Hin­dis­ta­nyň La­hor şä­he­rin­de, pro­fes­sor­la­ryň maş­ga­la­syn­da dün­ýä in­ýär.

Nepislik äleminiň soltany

Türkmen zenanlarynyň döredýän islendik el işini alanymyzda, bir hakykata göz ýetirmek bolýar. Ýürek mähri siňdirilip, yhlas bilen edilen işleriň deňsiz-taýsyz gözellige, gaýtalanmajak sungat eserine deňelmegi ýöne ýere däl diýdirýär. Türkmen gelin-gyzlaryna baha berjek bolsaň, olaryň elinden çykan işlerini, keşdedir nagyşlaryny synlaýmalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, zenanlar il-halkymyza şeýle üýtgeşik sungaty serpaý edip bilen mähribanlardyr. Hawa, şol gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şaýat bolan taryhy wakamyzyň özeninde hem türkmen zenanynyň döreden gözelligi, şol nepisligi gorap saklamak, sarpalamak bilen, şeýle asylly ýörelgeleri geljekki nesillere geçirmek ýörelgesi dabaralandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyklary bilen Ogulabat ejäniň nusgalyk el işini sarpalap, mähriban enäniň ören alajasyny hem-de alaja örmekde ulanan iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurdy. Beýik Ogly dünýä beren beýik enäniň elinden çykan nepislikler bilen bu mukaddes ojagyň gymmatlyklarynyň üstüniň ýetirilmegi örän guwandyryjydyr.

Ýürek buýsanjy

Görelde mekdebiniň belent nusgasy Bir-biriniň üstüni ýetirýän toýly günleriň taryhy wakalary halkymyzyň durmuşyna eşrepi çaýýar. Şeýle ajaýyp pursatlara şaýat bolmak her birimiziň kalbymyzdaky buýsanjy artdyrýar. Ýaňy-ýakynda halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi, biz — eneleriň ýürek telwasymyzy artdyrdy hem-de türkmen zenanlarynyň mertebesini has-da beýgelden taryhy waka öwrüldi.

Hünärimiz bar — hormatymyz bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly biziň durmuşymyzda ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara beslendi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýylyň-ýylyna zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edýän «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň golaýda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen döwlet tapgyrynda ýeňişli orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bäsleşikde özüm ýaly çeper elli zenan, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Bossan Haýbatowa bilen bilelikde gadymy hem milli sungatymyz hökmünde biziň häzirki günlerimizde hem giňden dowam etdirilýän keçe senedi  bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirdik. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bu milli senediň aýratynlyklary, ýerine ýetirilişi, ulanylýan gurallar, welaýatymyza mahsus gülleriň salnyşy, keçe nagyşlaryna hem güllerine degişli rowaýatlary, degişmeleri ýerine ýetirmek, döwrümizi wasp etmek boýunça ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen zenanlar bilen bäsleşdik. Bäsleşik örän gyzykly, ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Ol milli senedimiziň — keçäniň özboluşly hem aýratyn taraplary boýunça birek-birek bilen tejribe alyşmaga, ussatlygymyzy açyp görkezmäge, çeper elli zenanlaryň milli el işlerine gymmaty hem hormaty has-da artdyrmaga uly mümkinçilikleri berdi. Eminler toparynyň gelen netije

Suratkeş zenanyň dünýäsi

Awgust aýynyň 3 – 5-i aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän sergi «Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen» diýlip atlandyrylýar. Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ioanna Galeskanyň nakgaşlyk we grafika eserleriniň 25-si sergi zalyny bezeýär. Zenan dünýäsiniň ylham güzerinden çykan eserler owadanlygy bilen dabara gelenleriň ünsüni çekdi.  Ioanna Galeska ýurdumyzda öz eserleriniň ilkinji sergisini 2001-nji ýylda gurady. Suratkeç zenanyň döreden eserlerinde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz dürli reňkleriň sazlaşygynda beýan edilýär. Pastel usulynda döreden eserlerindäki her bir keşp dürli reňkleriň üsti bilen has-da owadan görünýär. Aýratyn-da suratkeşiň eserlerinde janlandyrylan türkmen gelin-gyzlarynyň keşbini synlap, onuň ussatlygyna haýran galýarsyň. Biz bu sergide polşaly suratkeş zenan bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol:

Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalary Döwlet muzeýine sowgat berildi

Aşgabat, 3-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Milli keşdeçilik sungaty, has takygy, türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Şunda Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäniň halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrülendigini bellemek gerek. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülendiginiň nobatdaky beýanydyr. Ogulabat ejäniň zähmetsöýerligi, ussatlygy ýaşlar üçin nusgalykdyr.

Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalary Döwlet muzeýine sowgat berildi

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Milli keşdeçilik sungaty, has takygy, türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Şunda Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäniň halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrülendigini bellemek gerek. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülendiginiň nobatdaky beýanydyr. Ogulabat ejäniň zähmetsöýerligi, ussatlygy ýaşlar üçin nusgalykdyr.

Durmuş ýoly görelde mekdebine öwrülen ussadyň nesillere miras goýan gymmatlyklary

3-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Şunda Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäniň halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrülendigini bellemek gerek.

Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalary Döwlet muzeýine sowgat berildi

Aşgabat, 3-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Milli keşdeçilik sungaty, has takygy, türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Şunda Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäniň halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrülendigini bellemek gerek. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülendiginiň nobatdaky beýanydyr. Ogulabat ejäniň zähmetsöýerligi, ussatlygy ýaşlar üçin nusgalykdyr.