Ogulabat ejäniň döreden täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalary Döwlet muzeýine sowgat berildi

4 Awgust 2023
323

Aşgabat, 3-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Milli keşdeçilik sungaty, has takygy, türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine, gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady. Şunda Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis kürtäniň halkymyzyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgasyna öwrülendigini bellemek gerek. Munuň özi türkmen zenanlarynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we olaryň ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülendiginiň nobatdaky beýanydyr. Ogulabat ejäniň zähmetsöýerligi, ussatlygy ýaşlar üçin nusgalykdyr.

Beýleki habarlar