Nesillere nusgalyk miras

7 Awgust 2023
399

Türkmen halkynyň durmuşyny, medeniýetini, ruhy dünýäsini açyp görkezýän baý taryhy bar. Geçmişden şu güne gelip ýeten milli gymmatlyklarymyz, medeni mirasymyz, däp-dessurdyr urp-adatlarymyz bizi ata-babalarymyzyň şöhratly ýoly bilen içgin tanyşdyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmek we wagyz etmek babatda uly işler bitirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen umumadamzat ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Bu asylly iş häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik hökmünde getiren medeni mirasy belent derejede sarpalanýar. Milliligimizi bagtyýar nesillerimize ýetirmekde, ony gorap saklamakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça, şeýle-de bilelikde hödürlemeginde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň girizilmegi buýsançly wakadyr. Munuň özi zenanlarymyzyň çeper el hünäriniň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy.

Akjemal DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar