Halypa-şägirtlik ýolunda

9 Awgust 2023
454

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmekde, olary wagyz etmekde, medeni mirasyň esasy ugurlaryny ýaş nesle ýetirmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, halypa-şägirtlik ýolunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bilşimiz ýaly, golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen bilelikde Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalaryny hem-de olary ören iş guralyny sowgat bermegi ähli halkymyzy buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowa türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge, eziz Watanymyzyň gülläp ösüşini nepis halylaryň gölleridir nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmakda öz goşandyny goşmak bilen, Ogulabat ejäniň nusgalyk mekdebini mynasyp dowam etdirýär. Munuň özi asyrlaryň dowamynda türkmen zenanlarynyň döreden el işleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Orazgylyç HOJABERDIÝEW.
Beýleki habarlar