Alaja — nepisligiň nusgasy

7 Awgust 2023
407

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň elinden çykan nepisligiň, ýagny mähir siňdirip ören alajasynyň hem-de olary örmekde ulanan gurallarynyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy bagtdan paýly günlerimize nuranalyk çaýdy. Ol gymmatlyklary muzeýe Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen gelip tabşyrmagy külli türkmen halkynyň käbesi mähriban enäniň nusgalyk el işlerine bolan hormat-sarpanyň beýany boldy. Şeýle hem muzeýdäki öňki bar bolan gymmatlyklaryň üstüni ýetirdi. Çünki eden işi nusgalyk, eli işli Ogulabat ejäniň bary-ýogy ýigrimi günüň içinde baldyzy üçin bejeren kürtesi hem muzeýiň naýbaşy gymmatlyklarynyň birine öwrülipdi. Ol bu muzeýe 2021-nji ýylyň ýazynda gowşurylypdy.

Bu buýsançly waka bilen baglanyşykly häzir ýurdumyzyň ähli ýerinde dabaraly maslahatdyr duşuşyklar bolup geçýär. Şolaryň biri geçen hepdäniň şenbe gününde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Mähir siňen nepislik» diýen at bilen geçirildi.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar