Millilige buýsanç döredýän nepislik

8 Awgust 2023
661

Türkmen halkynyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli däp-dessurlary, milli senetçiligi, milli medeni gymmatlyklary bar. Olar nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize gelip ýetdi. Çeper elli türkmen zenanlarynyň hünär ussatlygy bilen döredilen we gadymy wagtlardan bäri meşhur bolan el işleri dünýä derejesinde ykrarnama eýe boldy. Türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, türkmen halylarynyň ençemesiniň Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alynmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda şol milli medeni gymmatlyklaryň köp sanlysy muzeýlerde aýawly saklanýar. Şolaryň arasynda iň ýörgünlileriniň biri, halkyň arasynda ýokary meşhurlyga eýe bolan, her bir öýde ulanylýan alajadyr.

Alajanyň işilip hem-de örülip taýýarlanýan görnüşleri bar. Adyndan belli bolşy ýaly, alajany ene-mamalarymyz, gyz-gelinlerimiz dürli reňkli ýüplerden, sapaklardan örän sünnäläp işipdirler, örüpdirler we olary görnüşleri boýunça ulanypdyrlar. Bu gadymy we müdimi senetçiligiň biziň günlerimize ýetirilmeginde eli çeper zenanlaryň tagallalary bellenilmäge mynasypdyr.

Arazgül BABAJYKOWA,
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri.
Beýleki habarlar