Ýaz göwünli halypa

7 Awgust 2023
487

Eger saz ugrundan işleýändiginden habarly bolmasaň, oňa edebiýatçy mugallym diýjegiň ikuçsuz. Suhangöý, saz ýaly akgynly söhbet edişi, ýatkeşligi onuň söze-de, saza-da deň derejede sarpa goýýandygyny, okumyşlygyny görkezýär. Onuň telegepleşiklerde-de çykyş edýändigini öňden bilýärdim.

Boldumsaz etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginde ösüp ulalan Mämmetsaparyň aýdym-saza höwesi heniz orta mekdepde okap ýörkä, ony öz yzyna düşürip başlaýar. Şol wagtlar türkmen dilinden hem edebiýatdan, aýdym-sazdan sapak beren mugallymy, uruş weterany Ýarjan Döwletow, megerem, öz okuwçysyna: «Sözüň hem sazyň ussady bolsun!» diýip, pata beren ýaly. «Ýarjan mugallymyň döşi orden-medaldan doludy. Oňa mekdebiň edil gapdaljygyndan öý beripdiler. Onuň ellerinde okuň yzlary bildirip durdy» diýip Mämmetsapar aýdym-saza höwes döreden mugallymyny ýatlaýar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar