Türkmen milli göreşi — toýlarymyzyň bezegi

8 Awgust 2023
404

Türkmen toý-baýramlarynyň bezegi, şowhunly oýunlarymyzyň biri milli göreşimizdir. Ol toýlarda, köplenç, bagşy aýtdyrylyp, at çapdyrylandan soň geçirilýär. Göreş tutjak pälwanlar toý boljak ýere bir-iki gün öň gelip, ýörite bellenilen öýlerde myhman bolýarlar.

Göreşden iki-üç sagat öň pälwanlaryň käbiri toýa bişirilen gatlamany ýa-da çapadyny agarandyr ýogurda, gatyga ýanap naharlanýar. Käbirleri bolsa, göreş boljak güni irden birnäçe çig ýumurtga içýär. Türkmen milli göreşi türgeniň beden saglygyna, çalasynlygyna, ukybyna, umuman, hemmetaraplaýyn kämilleşmegine ýardam edýär. Göreşde türgenleşik halypa bilen şägirdiň arasynda diýseň sada, ylalaşykly ýagdaýda geçirilýär. Türkmenlerde «guýmagursak» pälwana — hakyky ussada her öňýeten şägirt boljak bolmandyr, bolup hem bilmändir.

Nepes SAPARNAZAROW,
«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar