Küştdepdi sungaty

8 Awgust 2023
399

Halk döredijiliginiň küştdepdi görnüşiniň döreýşi, kämilleýiş ýoluny Hazar deňziniň kenaryndaky «zikirden» alyp gaýdýandygyny etnograflar, halk döredijiligini öwreniji alymlar belleýärler. Ýerli ýaşulularyň eşiden gürrüňlerine salgylanyp aýtmaklaryna görä, küştdepdi diwanadyr porhanlaryň zikiriniň esasynda, XIX asyryň ikinji ýarymynda ýaşlaryň şolaryň agzyna öýkünmegi arkaly giň gerime eýe bolup ugrapdyr, kämillik derejesine ýetipdir.

Etnograf Ýomuthan Garaşhan ogly geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň başlarynda Hazar kenarynyň ýakalarynda ýaşaýan ilatyň arasyna aýlanyp, «Zikir» barada ýazan makalasynda zikiriň hassalara em etmek, şeýle hem dynç almak maksady bilen ýerine ýetirilýändigini belleýär.

Resul ATAJANOW,
TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar