Suratkeş zenanyň dünýäsi

4 Awgust 2023
461

Awgust aýynyň 3 – 5-i aralygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän sergi «Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen» diýlip atlandyrylýar. Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ioanna Galeskanyň nakgaşlyk we grafika eserleriniň 25-si sergi zalyny bezeýär. Zenan dünýäsiniň ylham güzerinden çykan eserler owadanlygy bilen dabara gelenleriň ünsüni çekdi. 

Ioanna Galeska ýurdumyzda öz eserleriniň ilkinji sergisini 2001-nji ýylda gurady. Suratkeç zenanyň döreden eserlerinde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz dürli reňkleriň sazlaşygynda beýan edilýär. Pastel usulynda döreden eserlerindäki her bir keşp dürli reňkleriň üsti bilen has-da owadan görünýär. Aýratyn-da suratkeşiň eserlerinde janlandyrylan türkmen gelin-gyzlarynyň keşbini synlap, onuň ussatlygyna haýran galýarsyň. Biz bu sergide polşaly suratkeş zenan bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol:

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar