Hünärimiz bar — hormatymyz bar

4 Awgust 2023
397

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly biziň durmuşymyzda ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara beslendi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýylyň-ýylyna zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edýän «Gülüň owadan!» atly bäsleşiginiň golaýda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen döwlet tapgyrynda ýeňişli orna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bäsleşikde özüm ýaly çeper elli zenan, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Bossan Haýbatowa bilen bilelikde gadymy hem milli sungatymyz hökmünde biziň häzirki günlerimizde hem giňden dowam etdirilýän keçe senedi  bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirdik. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bu milli senediň aýratynlyklary, ýerine ýetirilişi, ulanylýan gurallar, welaýatymyza mahsus gülleriň salnyşy, keçe nagyşlaryna hem güllerine degişli rowaýatlary, degişmeleri ýerine ýetirmek, döwrümizi wasp etmek boýunça ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen zenanlar bilen bäsleşdik.

Bäsleşik örän gyzykly, ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Ol milli senedimiziň — keçäniň özboluşly hem aýratyn taraplary boýunça birek-birek bilen tejribe alyşmaga, ussatlygymyzy açyp görkezmäge, çeper elli zenanlaryň milli el işlerine gymmaty hem hormaty has-da artdyrmaga uly mümkinçilikleri berdi. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, hormatly orna mynasyp bolup ýeňiş gazanmak biziň buýsanjymyzy has-da artdyrdy, tutuş welaýatymyzyň çeper elli zenanlarynyň mertebesini belende göterdi. Şeýle ajaýyp hem buýsançly pursatlar ýüreklerimize galkynyş eçildi. Galkynyşdan ganatlanýan biz, bagtyýar zenanlar özümiz hakdaky edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza hemişe tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Gülnabat JUMAÝEWA,
Akdepe etrabynyň Medeniýet merkeziniň folklor işgäri.
Beýleki habarlar