Ýürek buýsanjy

4 Awgust 2023
520

Görelde mekdebiniň belent nusgasy

Bir-biriniň üstüni ýetirýän toýly günleriň taryhy wakalary halkymyzyň durmuşyna eşrepi çaýýar. Şeýle ajaýyp pursatlara şaýat bolmak her birimiziň kalbymyzdaky buýsanjy artdyrýar. Ýaňy-ýakynda halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegi, biz — eneleriň ýürek telwasymyzy artdyrdy hem-de türkmen zenanlarynyň mertebesini has-da beýgelden taryhy waka öwrüldi.

Eneş ATABAÝEWA,
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň eýesi, mährem ene.
Beýleki habarlar