Ýörelgä öwrülen görelde

8 Awgust 2023
337

Hoş habarlar göwünleri ganatlandyrýar. Geçen hepdede ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halka ýetirilen habarlaryň birinde Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny hem-de alaja taýýarlamakda ulanylýan iş guralyny muzeýe gowşurandygy aýdyldy. Şol hoş habarda: «Munuň özi asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň we dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanydyr» diýlip beýan edilmegi ýöne ýere däldir. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ýaşan manyly ömründe milli amaly-haşam sungatynyň ösdürilmegine goşan goşandy uludyr.

Gündogar pähimleriniň birinde: «Halk bagtyýar bolanda toýlar goşa-goşadan geler» diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toýlary toýlara sepleşip, türkmeniň bagtyýar durmuşyny äleme äşgär edýär. Şeýle toýlarymyzyň milli öwüşgine çaýylmagy olary has-da dabaralandyrýar. Çünki halkymyzyň baý milli aýratynlyklary bar, toý bezeglerini alyp görsek-de, lybaslarymyzy alyp görsek-de, aýdym-sazlaryň ýaňlanýan sahnalaryny alyp görsek-de, olarda başga halklaryňka meňzemeýän milli öwüşginler bardyr. Aýratyn-da, toýlarda ene-mamalarymyzyň gadymy döwürlerde döreden amaly-haşam sungatynyň dowamyny görmek, duýmak bolýar.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar