Medeniýetiň aýrylmaz bölegi

8 Awgust 2023
821

Şöhratly taryhyna, milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna sarpa goýmak, hormat bilen garamak duýgusy türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeniýetiniň buýsançly aýratynlygydyr. Şeýle kämil medeniýetiň kemala gelmegine ene-mamalarymyzyň zähmetsöýer elleri bilen döreden el işlerine aýratyn orun degişlidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp günlerinde biz ýene-de bir ýatdan çykmajak buýsançly wakanyň şaýady bolduk. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, Arkadagly Serdarymyzyň enesi, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň elinden çykan alajalaryny, alaja örende ulanan güjüm agajyndan ýasalan iş guralyny gowşurdy.

«El hünäri — il gezer» diýlipdir. Türkmen zenanlarynyň el hünäri milli medeni gymmatlyklaryň aýrylmaz bölegidir. Türkmen zenanlary tarapyndan döredilip, sungat derejesine ýetirilen milli halyçylyk, keşdeçilik, amaly-haşam işleri ýerine ýetirilişi boýunça nepisligi bilen tapawutlanýar.

Aýjeren ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar